Içirgi

25 Aprel 2024
561

«Ertir tur, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Atdyr ýigidiň myrady», «At — myrat» ýaly pähimleri döreden türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri bedew atlary eldekileşdirip, seýisläp gelipdirler. Muňa gadymy Marguşdan tapylan taýçanagyň mazary hem şaýatlyk edýär. Şol ýerde taýçanagyň ýanynda kiçijik tüýdük hem tapylýar.

Bedew atlaryň gözelligine gözellik goşýan senetçilik işleriniň biri-de içirgidir. Içirgiler haly, palas, keçe görnüşinde atlaryň ölçegine görä ýerine ýetirilipdir. Palas görnüşiniň içine gaty bolansoň, çümmez ýaly keçe tutulýar. Palasdan, keçeden edilen içirgiler atlary ýagyşdan, gardan, sowukdan goramak üçin, esasan, gyş aýlary ýapylýar. Keçe içirgiler, esasan, çal, gara reňkli ýüňden edilipdir. Bu görnüş «jul», «at keçe», «at arka» diýlip hem atlandyrylýar. Haly içirgiler toý-baýramçylyklarda bedewlerimizi bezäpdir. Içirgiler, bir tarapdan, bedewe owadanlyk berse, ikinji tarapdan, çapyp gelen ata şemal kakmazlygy üçin ýapylypdyr. Içirgi bedew atyň boýnundan, aýaklaryndan galan ýerini ýapýar.

Şeker MEREDOWA,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.