Binalarda nal şekili

25 Aprel 2024
455

Bu binalara ser salsaň, ilkinji nobatda, nal şekiline nazaryň eglenýär. Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýän döwründe iş saparynda bolan pursadynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň daşky bezeg aýratynlyklaryna, onuň ýazgylaryna ünsi çekip, bu ýokary okuw mekdebiň adynyň nalyň şekiliniň içinde ýerleşdirilmeginde özboluşly manynyň bardygyny belledi.

Türkmen halky naly şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplaýar. Binagärlik bezeginde milli gymmatlyklaryň ornaşdyrylmagy halkymyzyň döreden ýagşy dessurlarynyň häzirki döwürde ösdürilýändiginiň, durmuşymyza içgin ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Bagtygül HOJAGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy.