Edebi älemiň ägirdi

24 Aprel 2024
463

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy umumadamzadyň ruhy hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň ägirdine öwrülen şahsyýet. Şahyryň goşgularynda öňe sürlen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik pikirleri üç asyrdan bäri şahyrlar we alymlar, şeýle hem ýaşlar üçin nusgalyk ýörelge bolup hyzmat edip gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, türkmen ýaşlary we edebiýat barada gürrüň açanymyzda, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň döredijiligine ýüzlenmek maksadalaýyk bolup durýar. Milli edebiýatyň asyl kökleri halk döredijiligine, «Görogly» eposyna, dessanlara birleşýär. Gündogaryň beýik akyldary, türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň eserleri ähli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr. Magtymgulynyň watançylyk, ynsanperwerlik, il-halka wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleri many-mazmun taýdan ýokary terbiýeleýjilik ähmiýete eýedir.

Akyldaryň esaslandyran edebi mekdebi öz döwründe-de, ondan soň hem edebiýatyň ösmegine we kämilleşmegine uly ýardam edipdir. Onuň döredijiligi Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji ýaly görnükli söz ussatlarynyň hem-de beýleki ençeme şahyrlaryň şygyrlarynda öz dowamatyny tapypdyr. Şahyryň edebi mirasy, döredijiligi türkmen halkynyň milli baýlygyna, ruhy hazynasyna öwrüldi we indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri halka hyzmat edip gelýär. Şeýle hem, ol edebiýat meýdanynda ençeme şahyrlar, şol sanda edebiýat bilen meşgullanýan türkmen ýaşlary üçin hem uly döredijilik mekdebine öwrüldi.

Abdal HYDYROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.