Döwrümiziň batly gadamlary halk bilen bilelikde amala aşyrylýan döwletli işlerde aýdyň beýanyny tapýar

19 Aprel 2024
191

Aýdylyşy ýaly, binýadyň berkligi binanyň bakylygynyň, dowamat-dowamlygynyň güwäsidir. Halk bilen bilelikde halkyň bähbidine gönükdirilýän beýik işler hem ýurt berkararlygynyň, il agzybirliginiň we jebisliginiň binýadynyň berkdigini görkezýär. Şu jähetden, hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasyndaky: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn» diýen parasatly sözleri bu gün her bir türkmeniň ýürek töründen orun aldy. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwleti bedew batly ösüşler bilen aýdyň geljege barýar, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagy maksat edinýän tutumlar raýatlarymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Şeýle döwletli tutumlaryň rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 17-nji apreli hem ýyl senenamamyzda aýratyn orun alyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Şol gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, Mary şäheriniň Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda 2 gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-synyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bu taryhy wakanyň üstüni ýetirdi. Şoňa görä-de, metbugat wekili hökmünde taryhy wakalara gatnaşyp, bagtyýar halkymyzyň toý şatlygynyň şaýady bolmak diýseň ýakymly.

Artykguly HOJABERDIÝEW,
«Nesil». Aşgabat — Mary — Aşgabat.