Sport diplomatiýasy: halklaryň we döwletleriň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

18 Aprel 2024
798

Ýewropanyň we Aziýanyň ençeme ýurtlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny halkara derejedäki üstünlikleri bilen baýlaşdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 15-nji aprelinde başlanan bu halkara sport çäresi dünýäniň hokkeý janköýerleriniň nazaryny ata Watanymyzyň paýtagty merjen şäherimiz Aşgabada gönükdirdi.

Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Diýarymyzda hokkeý oýny okgunly ösüşe eýe boldy. Aşgabatda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda buz meýdançalary guruldy, hokkeý toparlary döredildi.

Göwher GARLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.