Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

18 Aprel 2024
179

Parahatçylyk taglymaty

Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş  Assambleýasy tarapyndan tutuş adamzadyň bähbidini nazarlaýan Kararnamalaryň birnäçesi kabul edildi. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň binýadyny goýan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik hem-de açyklyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyna halkara derejede ýokary baha berilýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Asuda asmanyň astynda parahat durmuşda ýaşaýan mähriban halkyň ýüregi öz döwlet Baştutanyna we Milli Liderine alkyşdan doly.