Şanly ýylyň buýsançly günleri

17 Aprel 2024
190

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýene bir güni bize buýsandyryjy, guwandyryjy wakalary bagyş edip, şanly ýylyň toý-baýramlarynyň şatlygyny goşalandyrdy. Düýn, 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu nurana ýoldan ilkinji bolup Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagly geçmeginde çuňňur hem pelsepewi many bar. Şa gadamy düşen ýerine rysgal-döwletlilik, bagtyýarlyk baky ýar bolýar. Şeýle hem bu ajaýyp ýoldan gelnalyjynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp beren täze awtoulaglarynyň geçmegi dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Çünki gelnalyjy täze bir maşgala ojagynyň kemala gelýändiginiň buşlukçysy. Täze ulag — döwletlilikden nyşan. Şeýle-de täze ýoluň iki gyrasyny jähekläp oturan ak öýleriň ýanlarynda milli däp-dessurlara beslenen toý dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gurýan, döredýän, iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan kuwwatly döwlet hökmünde tanalýar. Türkmen halkymyz ýol çekmegi, köpri gurmagy, bina galdyrmagy sogaply iş hasaplaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli pähim-paýhaslary esasynda gadymy Beýik Ýüpek ýoly döwrebap derejede dikeldilýär. Bu ýol geljekde tutuş adamzadyň bähbidine hyzmat eder. Döwletimiziň şeýle taryhy ähmiýeti bolan ýoly gurmagy, ony hem telekeçilerimize ynanmagy, eziz Diýarymyzda hususyýetçilige bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Munuň özi telekeçiler üçin döredilýän çäksiz mümkinçilikdir.

Serdar MYRADOW,
«Esger».