16-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.