Köňül kelamy

16 Aprel 2024
430

Gadymy Änew halkymyzyň şöhratly taryhyny saklap gelýär. Bu mekan bilen baglanyşykly taryhy ýazgylar, gymmatly maglumatlar her bir ynsan üçin gyzykly. Taryhy maglumatlar ruhubelentligi, giň dünýägaraýşy, buýsanjy kemala getirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby hem her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Hut şonuň üçin hem bu gymmatly kitaby ýaş nesle öwretmek bilim işgärleriniň asylly ýörelgesine öwrüldi.

Häzirki wagtda ýaş nesiller okamaga, bilim öwrenmäge uly höwes bilen garaýarlar. Şonuň üçin hem olara milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy, taryhdan gözbaşly nusgawy edebiýatymyzy öwretmek esasy ugurlarymyzyň biridir. Bu günki günde guralýan sapaklarymyzda hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby ýakyn gollanmamyz bolup hyzmat edýär. Kitapda Magtymguly Pyragy, Mätäji we edebiýatda, sungatda yz goýan beýleki şahsyýetler hakyndaky beýan edilýän gymmatly maglumatlar has-da täsirlidir. Bu barada gürrüň bermek bilen ýaşlarda ruhy-ahlak, milli terbiýäni kemala getirýäris, olaryň Watana, halkymyza bolan buýsanjyny ösdürýäris.

Şemşat TATOWA,
Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň müdiri.