Ynsanyň dünýä inen ýeri, dogduk Diýary, Watany — bagtynyň gözbaşy. Watany janyňdan eziz görmek, her daban ýerini, mukaddes topragyny gözüň göreji deýin goramak her bir ynsan üçin mukaddes borç, parz hasaplanýar. Watan düşünjesi — mukaddes düşünje. Watana bolan söýgi ene süýdi, ene mähri, ene hüwdüsi bilen kalplara ornaýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň esasy özeni Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza söýgüden ybarat.