Gadymy medeniýetiň çeper beýany

9 Aprel 2024
610

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Watanymyzda dabaraly çäreler biri-biri bilen utgaşyp gidýär. Toýdur baýramlara, şanly senelere utgaşyp geçýän günlerimizde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy okyjylar köpçüligi üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilen bu kitapda gadymy Änewiň möhüm wakalary we taryhy döwürleri beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan hem-de «Rowaýata öwrülen geçmiş», «Gatar — Bagabat — Änew», «Gadymy Änew medeniýeti», «Änewiň arheologik depeleriniň öwrenilişiniň taryhyndan», «Änew medeniýeti we türki dünýä», «Geçmişiň syry galan toprak», «Watan hakyndaky müdimi owaz» atly bölümlerden ybarat bolan bu kitaby çuňňur mazmunly taryhy maglumatlaryň üsti bilen, gadymy şäheriň şanly geçmişini dabaralandyrýar. Kitabyň käbir baplary arheologiki tapyndylara, häzirki döwre çenli saklanyp galan özboluşly binagärlik ýadygärliklerine bagyşlanýar. Kitapda Änew medeniýetini ilki açan amerikaly alym Rafael Pampelliniň, şeýle-de Wadim Massonyň, Wiktor Sarianidiniň we beýleki görnükli alym-arheologlaryň ekspedisiýalarynyň netijesinde alnan maglumatlar barada gürrüň berilýär. Kitabyň her baby türkmen halkynyň taryhy geçmişini, milli-medeni gymmatlyklaryny, baý medeni mirasyny, ruhy däp-dessurlaryny gorap saklamak we ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada umumy düşünje döredýär. Kitap suratlar bilen çeper bezelip, okyjyny gadymyýetiň täsin syrlarynyň dünýäsine çagyrýar.

Orazmämmet ORAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.