Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okanymyzda, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, ösüşli häzirki döwrüne, röwşen geljegine buýsanýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, şöhratly taryhymyz hakyndaky şeýle ajaýyp kitabyň elimize gowuşmagynyň çuňňur manysy bar. Bu ajaýyp kitap gadymy Änewiň şöhratly taryhynyň hem-de ösüşlere beslenýän häzirki döwrüniň çuňňur beýanydyr.
Ýurdumyzyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Änew hakynda düýpli ylma esaslanýan maglumatlary okamak örän täsirlidir. Çünki Änew diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, dünýä medeniýetiniň gadymy ojagydyr. Bu künjekde ata-babalarymyz ilkinji ekerançylyk medeniýetini kemala getiripdirler. Bu toprak adamzada ekerançylyk medeniýetini bagyş etdi. Şonuň üçin dünýäde ol uly gyzyklanma bilen öwrenilýär. Arkadagly