Mugallym. Müdir. Mirasgär

9 Aprel 2024
813

Söhbetdeşim: «Wah, meniň türkmen dilini içgin öwrenesim gelýär» diýende, açyk gapydan giren ýaş kärdeşim onuň ýüzüne dikanlap seretdi-de, özünden uludygyny görüp, salam berdi. Soňam: «Daşary ýurt dillerinde okadyňyzmy?» diýip, gyzyklanyp sorady. Olam: «Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty bölümini tamamladym» diýip, takyk jogap berdi. «Şeýledirem diýip pikir etdim» diýip, ýaş kärdeşim sözüni dowam etdirdi. «Şonuň üçin türkmen dilini içgin öwrenmek isleýänsiňiz».

— Salyhmuhammet mugallym türkmeniň edebi gymmatlyklary bilen gyzyklanýar. Käri mugallym, orta mekdebiň müdiri bolup işleýär hem mirasgär — diýip, söhbetdeşim bilen tanyşdyrdym.

Soltanýaz ŞAÝYMOW,
«Garagum».