Şöhratly taryhymyzyň beýany

7 Aprel 2024
424

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininiň, jöwher paýhasynyň miwesi bolan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy aýratyn many-mazmuna eýe bolup, bagtyýar halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Şunuň bilen birlikde, dünýä ösüşinde mynasyp orny eýeleýän şöhratly taryhymyza, asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten, pederlerimiziň paýhasy hem ruhy siňen milli medeniýetimize bolan buýsanjy artdyrdy.

Ýurdumyzda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly üns berilýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň täze kitaby gymmatly gollanma bolup durýar. Medeni diplomatiýanyň ösdürilmegi dost-doganlygy has-da berkidýär.

Döwran MAGTYMOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.