II tipli süýjüli diabetli dializ alýan näsaglarda gan damar girelgesi

5 Aprel 2024
1268

Nazar GARRYÝEW, Sapargeldi MÄTNEPESOW, Mekan REJEPOW
S.A.Nyýazow adyndaky bejeriş-maslahat beriş merkezi,
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň gospital hirurgiýasy kafedrasy,
Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana

Süýjüli diabetde (SD) progressirleýän diabetik nefropatiýa dowamly böwrek ýetmezçiliginiň terminal derejesiniň (DBÝTD) emele gelmeginiň sebäpleriniň biridir. Hemişelik gan damar girelgeli (HGDG) meýilleşdirilen gemodializ  DBÝTD bolan näsaglary bejermekde esasy usul bolup durýar [1]. HGDG-niň täsirliligi, esasan, arteriýa-wenoz fistulasynyň (AWF) gan damar girelgesiniň ýeterlikliligi bilen kesgitlenýär. HGDG gan aýlanyş tizliginiň dializiň bellenen paýyna laýyk gelmegini we gaýra üzülmesiz uzak möhletli işjeňligini üpjün etmeli. Häzirki wagtda HGDG-niň ideal görnüşi ýok, ýöne ýerli AWF iň amatly diýlip ykrar edildi [5]. AWF-nyň işjeňliginiň dowamlylygy, takmynan, 3-6 ýyl bolup, gaýtalanýan hirurgiki gatyşmalary talap edýän gaýra üzülmeleriň (tromboz, stenoz, «ogurlyk» sindromy, anewrizmalar we ş.m.) emele gelmegi we olaryň näsaglaryň gaýtadan gospitalizasiýasynyň sebäbi bolýanlygy bejerginiň gymmatlamagy sebäpli azalýar. HGDG bolan näsaglaryň sany ýylsaýyn artýar, şeýle hem SD-den, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän ýaşy gartaşan adamlaryň hem sany köpelýär, bu bolsa HGDG-niň emele getirilmegindäki tehniki kynçylyklary we gaýtadan ýerine ýetirilýän operasiýalaryň sanynyň artmagy bilen düşündirilýär [4].