Çaganyň sagdyn ösmegi üçin...

5 Aprel 2024
817

Çaganyň dogulmagy maşgala durmuşynda dabaraly ýagdaýdyr, ene-ata üçin uly bagt we şatlykdyr. Körpejäniň dogulmagy bilen maşgalada köp şatlykly hysyrdylar köpelýär. Onuň boý we akyl taýdan ösmegi bir-biri bilen baglanyşykly hadysadyr. Perzendiň dünýä inmegi bilen oňa ideg etmek, terbiýe bermek, sagdyn ösmegini gazanmak ata-enäniň borjudyr. Munuň üçin çaga doglan gününden başlap onuň kadaly iýmitlenmegini we ideg edilmegini üpjün etmek möhümdir.

Çaganyň sagdyn ösmegi üçin ilkinji şertleriň biri arassa elleriň bolmagy we çaga üçin ýyly gurşawyň berjaý edilmegidir. esasan hem çagany emdirmezden ozal arassaçylyk düzgünlerini dogry berjaý etmeli. Bäbekli otagyň temperaturasy 25-26⁰C bolmaly, çaga ulaldygyça öýüň temperaturasyny 22⁰C-a çenli peseltmeli. Otagyň çyglylygy 50-70%-de bolmaly.

Zyýada KADAMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw-ylmy merkeziniň bölüm müdiri.