Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.
Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragy öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapýar.