Sagdynlyk we ruhubelentlik
Garaşsyz Türkmenistan bütin dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde belent ykrara eýedir. Täze taryhy döwürde sagdyn jemgyýetiň binýatlaryny berkarar etmek, saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli sportumyzy galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň, döwlet syýasatynyň mysalynda halkyň saglygynyň ýurduň baýlygyna deňelýändigi äşgär görünýär. Saglygy goraýyş ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek bilen ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny gowulandyrmak işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.