Bilimli nesliň aladasy

2 Aprel 2024
309

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda bilim syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda guwanja mynasyp işler alnyp barylýar. Berkarar Watanymyzda döwrebap derejede enjamlaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň kaşaň binalarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, her ýylda ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätleýän çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat edilmegi-de bilimli nesli kemala getirmek ugrundaky tagallalaryň güwäsidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek boýunça degişli resminama gol çekmegi biz — bilim işgärlerini has-da buýsandyrdy. Hökümetiň şol mejlisinde bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, ählitaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasydyr.

Bagtygül ATDAÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.