Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

1 Aprel 2024
118

Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, şeýle-de geljek nesilleriň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda netijeli peýdalanmagyna mümkinçilik döreder.