Şu gün, 29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyna, şeýle hem «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Maslahata ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky daşary ýurt ilçihanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagy okaldy.