Ýe­ňiş­ler Pa­ri­že go­laý­lad­ýar

21 Mart 2024
655

Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by Ser­dar Ra­hy­mow Lat­wi­ýa­nyň paý­tag­ty Ri­ga şä­he­rin­de ulu­la­ryň ara­syn­da dzýu­do bo­ýun­ça ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa­nyň açyk çem­pio­na­tyn­da kü­müş me­dal ga­zan­dy. 66 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ýa­ry­şan il­de­şi­miz bu üs­tün­li­ge 45 tür­ge­niň ara­syn­da ýet­di.

Türk­me­nis­tan­ly tür­gen il­kin­ji tut­lu­şy­gyn­da ys­ra­ýyl­ly Gaý Gat­ma­ny ýe­ňen bol­sa, ikin­ji tut­lu­şy­gyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan Jo­şua Bel­li­ni ýa­ryş­dan çy­kar­dy. Soň is­pa­ni­ýa­ly Sua­rez Ae­ti­les­den üs­tün çy­kyp, çär­ýek fi­nal­da gru­zi­ýa­ly Lu­ka Çop­lia­ni­ni ýeň­di. Ýa­rym fi­nal­da, kyn­lyk bi­len hem bol­sa, fran­si­ýa­ly Wil­li­am Sy­si­gi ýe­ňen il­de­şi­miz fi­nal tut­lu­şy­gyn­da al­tyn me­da­lyň eýe­si Fin­li Al­lan­dan (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa) as­gyn gel­di.

Aga­gel­di ITAL­MA­ZOW.
«Türk­me­nis­tan».