Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

20 Mart 2024
289

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna bahar paslynyň, täzelenişiň hem-de ýaşaýşyň dabaralanmagynyň baýramy bolan Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Gadymy taryhy, baý hem-de gaýtalanmajak gözelligi, çuňňur filosofik many-mazmuny bilen tapawutlanýan Nowruz biziň umumy däp-dessurlarymyzy, asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan ýörelgelerimizi we gymmatlyklarymyzy aýdyň beýan edýär. Ýüzýyllyklaryň dowamynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinde doly sazlaşykda ýaşaýan biziň halklarymyz bu nurana baýramy aýratyn ruhubelentlik, päk arzuw-niýetler bilen garşylaýarlar.