16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz bilen bilelikde gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigata aýawly çemeleşmek babatda gadymdan gelýän däp-dessurlarymyza laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.