Doganlyk gatnaşyklarynyň rowaç menzilleri

14 Mart 2024
323

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirip, abraýly sebit we halkara guramalar bilen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasy (TDG) bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyz bu sebit guramasy hem-de onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu babatda şu ýylyň 11—13-nji martynda paýtagtymyzda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi doganlyk döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek boýunça nobatdaky aýgytly ädim boldy.

Ýakup AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, kazynyň kömekçisi.