Dost-doganlyk gatnaşyklary mizemezdir

12 Mart 2024
505

11-nji martda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar.

15-nji mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler giriziler.

«Ahal durmuşy».