Resmi habar

11 Mart 2024
447

Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek we Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, degişli düzümlere 2024-nji ýylyň 11 — 13-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň 15-nji mejlisiniň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

(TDH)