Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

8 Mart 2024
369

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew, soňra Baş prokuror B.Muhamedow, içeri işler ministri M.Hydyrow, Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew, milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew, Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew, adalat ministri M.Taganow, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow gözegçilik edýän düzümleriniň şu ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şol sanda işgärleriň nazary we amaly bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem welaýatlardaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly geçirilen we beýleki işler barada aýtdylar.

«Watan».