Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine

7 Mart 2024
353

Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplygyň özboluşly türkmen nusgasyny döredip, dünýäde abadançylygyň we durnukly ösüşiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde durnukly ösüşi gazanmakda, geosyýasy we geoykdysady meýillere salgylanmak esasynda ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm binýat hökmünde çykyş edýär. Döwletimiz bütin adamzady tolgundyrýan gaýragoýulmasyz meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmenistan bu meselelere jogapkärli çemeleşmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Dünýäniň çalt depginde globallaşmagy netijesinde daşary syýasatyň we diplomatiýanyň dürli maksatly gurallary barha derwaýys häsiýete eýe bolýar. Bu babatda dünýä hem-de sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça yzygiderli öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Türkmenistany sebitiň ylalaşdyryjy merkezi, dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge goşant goşýan esasy döwletleriň biri hökmünde ykrar edilmegine getirdi. Munuň şeýledigini şu ýylyň 1-nji martynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden ýurdumyzyň Ählumumy Gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýan ugurlar boýunça çuňňur esaslandyrylan garaýyşlarynda aýdyň görmek bolýar. Ählumumy bähbitleri nazarlaýan bu başlangyçlaryň hatarynda dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, howpsuz we durnukly ulag-üstaşyr hem-de energiýa geçirijilerini çekmek ýaly meseleler aýratyn orun tutýar.

Süleýman DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Maglumatlar merkeziniň müdiri.