Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

7 Mart 2024
345

Nurjahan RAHMANBERDIÝEWA,
Gökdepe etrabynyň 24-nji orta mekdebiniň mugallymy:

— Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynda adam hakdaky alada ilkinji orunda durýar. Bazarlarda azyk bolçulygynyň döredilmegi, döwrebap binadyr desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrundaky tagallalardan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek hakyndaky Karara gol çekmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek ugrundaky oňyn çözgütleriň biridir.

«Adalat».