Zenan — ýaşaýşyň ýaraşygy

7 Mart 2024
444

Türkmen jemgyýetiniň döwrebap derejede ösmeginde, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we olary nesilden-nesle geçirmekde zenanlarymyza aýratyn orun degişlidir. Enäniň sesinde söýgi, mähir bar. Şonuň üçin hem enäniň — zenanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan işleriň dünýä gözellik çaýjakdygyna ählimiz ynanýarys.

Zenan — Zeminiň görki. Tutuş maşgalanyň aladasy, geljekki nesliň terbiýesi zenanlaryň gerdenine düşýär. Olaryň esasy aladalarynyň biri-de, maşgala agzybirligidir. Haýsy maşgalada agzybirlik höküm sürýän bolsa, şol maşgalanyň işi rowaç, ruhy belent, kalby diňe ýagşylyga, belentliklere ymtylýandyr. Geçirimliligi, duýgurlygy, mylaýymlygy, edep-ekramlylygy, ýumşak häsiýetliligi, gözelligi, wepalylygy bilen dünýä nusgalyk türkmen zenanlary hormat-sarpanyň eýeleridir.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň gullukçysy, içerki gullugyň podpolkownigi, hukuk ylymlarynyň kandidaty.