Barlygyň görki eneler

7 Mart 2024
669

Ynsan bir daragt bolsa, perzent onuň miwesidir. Perzendiniň ilhalar bolup ýetişenini görmek ene üçin uly bagtdyr. Söýgüden pürepür ene ýüregi mydama perzentleriniň bagtly, säherleriniň tämiz, gijeleriniň nurana bolmagynyň arzuwyndadyr. Halkymyzyň «Edep gören» sözüniň aňyrsynda ene edebi esasy hamyrmaýa bolup durýar. Ene mährinden ganyp ösen ogul-gyzyň mähirli edepli bolup ýetişýändigini durmuş hakykaty subut edip gelýär.  

Köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan uly ýeňillikler döredilýär. Sekiz we ondan-da köp çagany terbiýeläp ýetişdiren enelere bolsa, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda hem köp çagaly mähriban eneleriň ýüzlerçesi «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri boldular. Bu bagtyýar pursatda biz Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy, sekiz çagany dünýä inderip hem-de terbiýeläp ýetişdirip, «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan Ogulnäzik Durdyýewa bilen söhbetdeş bolduk. Ol:

«Zenan kalby».