Nurana geljegiň şäheri

28 Fewral 2024
553

24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, Arkadag şäherinde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, Arkadag şäherinde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde görkezilýän taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň görnüşleri bilen tanşyp, bular barada birnäçe belliklerini aýtdy.

«Aşgabat».