Halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan durmuşynyň aladasy

28 Fewral 2024
301

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji fewralda ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, bu ýerde görkezilen şekil taslamalary, gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we gurluşyk işlerinde ulanylýan dürli bezeg serişdeleriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri bilen tanyşdy. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäheriniň çagalar seýilgähiniň baş meýilnamasy, bu ýerde gurulýan Döwlet muzeýiniň şekil taslamasy, binanyň içki bezeg işleri, täze şäherde guruljak Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň teklip edilýän görnüşleri bar. Görkezilen taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň sazlaşykly we hemmetaraplaýyn ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan desgalaryň gurluşygynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny belledi. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan we meýilleşdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa Arkadag şäheriniň hemmetaraplaýyn ösüşiniň baş şertini emele getirýär.

«Esger».