Dost-doganlyk gatnaşyklaryna eýerip

28 Fewral 2024
373

Ýurdumyzda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýokary derejä ýetirilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanan daşary syýasat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigini şu ýylyň 21-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň ýurdumyza sapar bilen gelmegi ýene bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli garşylanan belent mertebeli myhman bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň duşuşygy boldy. Yzygiderli esasda geçirilýän ikitaraplaýyn gepleşikleriň ýokary netijeliligi durmuş-ykdysady ösüşiň we taraplaryň her biriniň ileri tutýan ugurlaryna doly laýyk gelýär hem-de däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak ugrunda umumy tagallalary açyp görkezýär.

«Esger».