Täze eýýamyň taryhy tutumlary

28 Fewral 2024
327

Uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum, agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýan her bir çäre bagtyýar halkymyzyň arzuw-isleglerinden ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeleriniň günbe-günden rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Iliň, ýurduň bähbidi üçin geňeş etmek, il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda geçirilýän şol geňeşiň barşynda hem amala aşyrylan işlere ser salyp, geljekki wezipeleri kesgitleýän çözgütleri kabul etmek pähim-paýhasly halkymyzyň asyrlar boýy mizemez ýörelgesi bolup gelýär. Bu ilhalar hem asylly ýörelgäniň täze eýýamymyzda dowamat-dowam bolýandygynyň güwäsine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp düzülen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler garalan esasy mesele bolup, hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan bu Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna seredildi.

«Balkan».