Innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy döwrüň talaby

27 Fewral 2024
302

24-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň dowamynda bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary çagyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ylmy-önümçilik we ylmy-barlag institutlarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigini belläp, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň bu baradaky hasabatlaryny diňledi.

«Bereketli toprak».