Änew — gadymy medeniýetleriň mekany

26 Fewral 2024
347

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hasabatlary diňläp, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde ýurdumyzyň gülläp ösmeginde zenanlaryň uly işleri bitirýändiklerini belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýruga gol çekdi.

"Nesil".