Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi

23 Fewral 2024
360

22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenendigini hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, degişli Kararlaryň kabul edilendigini belledi.

«Watan».