Baş maksat ― önüm bolçulygy

23 Fewral 2024
381

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi.
Ahalda
Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça çigitleri taýýarlanylýar.
Balkanda
Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda, zeýkeşlerde arassaçylyk işleri geçirilýär. Ýazky möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak maksady bilen, degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Daşoguzda
Hormatly Prezidentimiziň gyşky möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda bu babatda degişli işler geçirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm işleri doly geçirilip, häzirki wagtda tekizleýiş we ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.
Lebapda
Sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, olaryň daş-töwereklerinde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalar we gurallar abatlanylýar. Pagtaçy kärendeçiler welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilýär.
Maryda
Gyşky möwsümde welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi yzygiderli gözegçilikde saklanylýar. Sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, soganyň we beýleki azyklyk ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin olaryň ekilmeli ýerleri, tohumlary taýýarlanylýar.
***
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada giňişleýin hasabat berdi.

«Watan».