Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary: halkymyz bilen bilelikde beýik işleri durmuşa geçirmegiň nusgalyk göreldesi

22 Fewral 2024
326

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň  mynasyp keşbini çuň mazmuna besleýär. Milli Liderimiziň döwletlilik ýolunyň kämil tejribesine daýanyp, yhlasly tagallalary bilen ösüşlerimizi täze belentliklere çykarýan döwlet Baştutanymyzyň göreldesinden ruhlanyp, zähmet meýdanlarynda halkymyzyň gazanýan ýeňişleri göwünlere ganat, köňüllere ylham berýär.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky buýsançly wakalar hormatly Prezidentimiziň  «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly dürdäne eserindäki: «Taryh halk üçin edilen, halk bilen bilelikde ýerine ýetirilen beýik amallar bilen ýazylýar» diýen parasatly sözleriniň durmuş hakykatyny dabaralandyrýar.

«Adalat».