Düşünişmegiň we ynanyşmagyň binýady

22 Fewral 2024
253

Döwletimiziň dünýä syýasatyna işjeň goşulmagy onuň daşary syýasy strategiýasynyň açyklygynda we anyklygynda, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli tekliplerinde, şeýle hem sebit we halkara derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmeginde öz beýanyny tapýar.

Bu günki gün türkmen Bitaraplygy öz üstüne alan ähli borçlaryna hem-de dünýä bileleşiginiň bildiren jogapkärli talaplaryna birkemsiz ygrarly bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylda ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek hem-de halkara meselelerini kadalaşdyrmakda Bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň ýörite kadalar toplumyny işläp taýýarlamak babatda öňe süren oňyn başlangyjy aýdyň görkezýär.

Orazbike AMANSÄHEDOWA,
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň bölüm müdiri.