Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

22 Fewral 2024
331

Öwezmämmet ÖWEZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy,
podpolkownik:

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň hem-de Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasyna hem gol çekildi. Bu resminama bilen girizilen üýtgetmeler Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem Statistika baradaky döwlet komitetiniň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyna birikdirilmegi bilen baglydyr.