Işden gelip, şol öňki endigime görä, radionyň nurbatyny towladym. Radioda mahmal owazly diktor Baýram Geldimyradowyň sesi ýaňlandy: «Hormatly radio diňleýjiler, biz size Mämmetnazar Hydyrowyň hem-de Tejen Nepesowyň «Gyratyň ogurlanyşy» atly radiooýnuny eşitdirýäris». Bu sesden soň tolgundyryjy, kalbyňy gozgalaňa salýan saz ýaňlanyp, seni başga dünýä — Göroglynyň zamanasynyň wakalarynyň yzyna düşürýär.
Bu radiooýnuň alypbaryjysy belli ýazyjymyz Arap Gurbanowdy. Ol radiooýnuň gahrymanlary bolsa türkmen sungatynda yz goýan halypalardy. Göroglynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Juma Ýazmyradow ýerine ýetirýärdi.