Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

22 Fewral 2024
201

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda BAE-de iş saparynda bolmagy döwletara dialogyň taryhyndaky möhüm wakalara öwrüldi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.