Gyz sepi

21 Fewral 2024
1193

Halkymyzyň dünýä nusgalyk toý däp-dessurlarynyň içinde durmuşa çykjak gyzyň sepini we bukjasyny taýýarlamak uly orun tutýar. Bukja taýýarlamak amaly-haşam sungatynyň, sep taýýarlamak bolsa haly sungatynyň görnüşlerinde jemlenýär. Sep taýýarlamak dessury dürli-dürlüligi bilen tapawutlanyp, onuň aňyrsynda giň, baý, örän uly terbiýe we zähmet mekdebi jemlenýär.

Eneler göze görnüp ugran gyz maşgalanyň derrew sepini düzlemegiň aladasyny edipdirler. Gyza beriljek sepi taýýarlamak bir günüň ýa-da iki günüň işi däl. Gyz maşgala 10 — 12 ýaşyna ýetende, oňa beriljek sep taýýarlanylyp başlanýar. Çünki sep haly gelin bolup barlan öýde oňat gözden geçirilip, şol esasda hem gyzyň işeňňirligine baha berilýär. Şonuň üçin hem gyz maşgala ýaşlykdan haly dokamak hünärini öwredipdirler.

Maýagül ÇARYÝAROWA,
Türkmenbaşy şäher Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory.