«Sülmüräp tikin tikse, barmagynda tylla ýüwse»

21 Fewral 2024
557

Çeper elli gelin-gyzlarymyzyň gaýma gaýap, keşde çekip oturan mahaly, olaryň el hereketlerini synlap gördüňizmi?! Şol pursat olaryň näzik elleri edil sazandanyň barmaklary ýaly inip-galyp, ajaýyp mukam çalýana çalym edýär. Dutaryň ýüpek taryna meňzäp duran ýüpek sapaklara galtaşýan uz barmaklaryň gudraty bilen gelin-gyzlaryň kalbyndaky näzik duýgular, arzuw-islegler keşdelerde şöhlelenýär. Elbetde, nepis keşdeler, sünnä gaýmalar gelin-gyzlaryň kalp owazynyň şekile öwrülen sungatyň ajaýyp nusgalary ahyry!

Elleri sünnä zenanlar ýönekeýje iňňedir sapak bilen ajaýyp gözelligi döredýärler. Şeýle hem olar keşde çeken, tikin tiken mahallary barmaklaryna iňňe dürtülmezligi, şeýle-de iňňäni itermek üçin oýmakdan peýdalanypdyrlar. Oňa halkyň arasynda «ýüwse» hem diýilýär. Häzirki wagtda metaldan ýasalýan bu gural öňler ýüňden, galyň matadan halka görnüşinde taýýarlanypdyr.

Gözel JUMAÝEWA,
Akdepe etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň müdiri.