Bakylyga öwrülen milli gymmatlyk

21 Fewral 2024
447

Inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy bilen tapawutlanýan saryja goýunlaryň ýaz ýüňi el halylaryny dokamakda gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Goýun gyrkylandan soň ençeme gezek tämizlenen hem daralan, sypap-sypap egrilen mymyk pişgeden emaý bilen çekilen dokmalyk ýüplükler haly bolýança täsin ýoly geçýär. Özara sazlaşjak reňkleri saýlap almak, olary tebigy serişdelerden taýýarlamak işi uly ussatlygy talap edýär. Ene-mamalarymyz aýratyn üşükliligi, yhlaslylygy bilen bu işiň hem hötdesinden ussatlyk bilen gelipdirler. Narynç, sary, mämişi, açyk sary reňklere diňe jowur ak ýüňleri boýaýarlar. Çal, goňur, açyk mele reňkli ýüňi diňe gök we gara-gyzyl boýaglara ýatyrypdyrlar. Ýaşyl reňki almak üçin ak ýüňi, ilki bilen, sary boýaga ýatyryp, soň nil reňke boýapdyrlar. Şol ýüplüklerden dokalan halylaryň hiç haçan reňki solmandyr.

Halkymyzda diňe bedew atyň özüne niýetlenen haly önümleriniň görnüşleri on bäşden geçýär. Bilermenleriň belleýişleri ýaly, el halylaryny dokamagyň 20-ä golaý usuly bolupdyr. Palaslar, çuwallar, torbalar aldymgaç usulynda dokalypdyr. Çitme usulynda iki ýüzli halylar taýýarlanylypdyr.

Muhabbat BALTABAÝEWA,
Şabat etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.