Magtymguly Pyragynyň döredijiligi - türkmeniň egsilmez ruhy hazynasy

15 Fewral 2024
530

Şöhratly taryhymyza nazar aýlanyňda gymmatly edebi mirasymyzyň bardygyna göz ýetirýärsiň. Şeýle edebi mirasyň içinde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi, onda beýan edilýän öwüt-nesihatlar bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu edebi miras üç asyra golaý türkmen halkynyň durmuşynda uly orny eýeledi. Ata-babalarymyz akyldar şahyryň goşgularynyň üsti bilen nesilleri terbiýeläpdirler, olara wagyz-nesihat edipdirler. Şonuň üçin şahyryň goşgulary ençeme ýyllaryň dowamynda alymlar tarapyndan öwrenilýär, bu hakynda ylmy pikirler beýan edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Akyldar şahyryň döredijiligi akyl-paýhasa, öwüt-nesihata ýugrulandyr. Şonuň üçin onuň goşgularynda düýpli pikirler, pelsepewi garaýyşlar edebi ýörelgeler esasynda beýan edilýär. Bu görnüşli pikirleriň ynsanyň kalbynda baky orun alýandygyny hem bellemek gerek. Şeýle pelsepewi garaýyşlar Watan, watansöýüjilik, ynsanperwerlik we parahatçylyk bilen berk baglanyşyklydyr. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi üpjün edilip, şeýle ajaýyp goşgularyň many-mazmuny ýaş nesillere düşündirilýär.

Enejan REÝIMOWA
Çärjew etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy