Parahatçylygyň nyşany

11 Dekabr 2023
1245

Taryhdan belli bolşy ýaly, zeýtun baldajyklary müňýyllyklaryň dowamynda dürli halklarda parahatçylygyň we jebisligiň nyşany hökmünde ykrar edilip gelinýär. Zeýtun agajyna meňzeş agajy tapmak gaty bir aňsat däl. Gadymy döwürlerde Ýewropa ýurtlarynda zeýtun agajy parahatçylygyň, ýeňşiň we bakylygyň daragty hasaplanypdyr. Munuň şeýledigine zeýtun bilen bagly dürli rowaýatlary, gadymy ýazgylary okanyňda-da, aýdyň göz ýetirýärsiň.

Taryhy maglumatlara görä, antiki döwürde zenanyň elinde şekillendirilen zeýtun baldajygy parahatçylygyň nyşany hasaplanypdyr. Bu şekil Rim imperiýasynyň teňňelerinde hem ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, Gadymy Gresiýanyň Afiny şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan türgenleriň kellesine zeýtun agajynyň şahasyndan taýýarlanan täçleri geýdiripdirler.

Sahypany taýýarlan Merjen ÝAZLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Watan».